logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Poetry /Magtymguly Pyragy - şygyrýet äleminiň çyragydyr
  13.10.2020
8717
Magtymguly Pyragy - şygyrýet äleminiň çyragydyr

      Türkmenistan  öz  garaşsyzlygyny  alandan  soň  Magtymgulynyň  döredijiliginiň  öwrenilmegi üçin giň ýol açyldy. Magtymgulynyň eserleri dolulygyna birnäçe gezek neşir edilip, halka ýetirildi. Gazet-žurnallarda Magtymgulynyň döredijiligi barada  ýüzlerçe makalalar çap edildi. Ýurdymyzda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan Ylmy maslahatlar geçirildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegine giň ýol açyldy. 

    Halk bilen bir jan-bir tenlik şahyryň beýikliginiň baş alamatydyr. Halkyň güni näçe kyn hem bolsa, ondan aýrylyp, durmuşyň asuda ýerine gitmek ýa öz halkyňy  nämedir  bir zatlarda aýyplamak, peseltmek beýiklik bilen bir ýere sygyşmaýar. Muny Magtymguly ,,Namart aýyp gözlär dogan ilinden” diýip, ýeke setirde kesgitläpdir.

     Milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ulyny-kiçini sylamak, ata-enä aýal-gyzlara hormat goýmak, çaga terbiýesi, zyýanly gylyk häsiýetlerden gaça durmak, ýaramaz pişeleriň adam saglygyna, durmuşyna edýän täsiri barada örän baý mazmunly pikirleri tutuş halkyň abadançylygyna, saglygyna, agzybirligine gönükdirlendir. Beýik şahyrymyz türkmen edebiýatynyň taryhynda halk durmuşyny oňat suratlandyrýar, edebiýaty halkyň hyzmatynda goýýar.

         Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk, öwüt- nesihat, söýgi, terbiýeçilik halkylyk, agzybirliik-jebislik, edep-ekram, ýagşy gylyk-häsiýet ýaly tenalara uly orun berilýär. Şahyryň ,,Çilim”, ,,Çilimkeş”, ,,Nas atan”, ,,Naskeş” ýaly goşgulary durşuna nesihat.

      Nesil hakdaky aladanyň biziň halkymyzda näderejede parz görülýändigini biljek bolsaň, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýazan öwüt-ündew goşgularyny okamak ýeterliklidir.  Häzirki  zaman ylmy  tarapyndan  hödürlenýän, maslahat berilýän  nesil  terbiýesi Magtymguly Pyragynyň  goşgularynda  örän  düşnükli,  sada  dilde  beýan  edilendir.

     Magtymguly Pyragy şygyrýet äleminiň çyragydyr. Çyrag diýilmegi  onuň  şygyrlarynyň  ýolumyza  nur  çaýýandygy  bilen  baglanşyklydyr.

      Goý, bagtyýarlyk  döwrümiziň  her  bir  güni Pyragynyň  şygyrlary  ýaly  owadan  hem  manyly  bolsun.