Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymguly Pyragy - türkmen ruhunyň synmajak sütüni
  07.03.2023
2183
Magtymguly Pyragy - türkmen ruhunyň synmajak sütüni

Eziz Diýarymyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk senesini dabaraly bellemäge şu günlerden uly taýýarlyk görülýär hem-de dana şahyryň doglan gününiň şanly 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenýän şanly seneleriň sanawyna goşmak babatda uly tagalla edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakynda asyrlar aşyp gelen isleg-arzuwlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hasyl boldy. Dana Pyragynyň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda arzuw edişi ýaly, mähriban halkymyz bagtyýar, abadan durmuşda ýaşaýar.

Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgulary dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip, bagtyýarlygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň belent waspyna öwrüldi. Akyldar şahyryň halkymyza bagyş eden goşgy setirleri häzirki hem-de geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olary halal, ynsanperwer, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar edip ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň watansöýüjilik, adalatlylyk, durmuş-ýaşaýyş baradaky pikir ýöredýän goşgulary manysynyň çuňlugy bilen okyjylarda örän uly täsir galdyrýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmen halkynyň abraýyny, mertebesini belent derejelere göteren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen ruhunyň synmajak sütüni bolup durýar. Ol öz döredijiliginde türkmen halkynyň agzybirligini berkitmegi, özbaşdak döwlet gurmagyny gazanmagy, adam mertebesini belent derejä götermegi inçelik bilen beýan etmegi başarypdyr.

Bagtyýarlyga beslenen zamanamyzda Magtymguly Pyragynyň arzuwlary hasyl bolup, berkarar ýurdumyzda agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda eşretli döwrümiziň hözirini görüp, asuda durmuşda ýaşaýar. Şu ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly taýýarlyk işleriniň geçirilmegi ulus-ilimiziň buýsanjyny goşalandyrýar. 

 

Aýlar REJEPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.