logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragy - umumadamzat şahyry
  31.03.2024
2317
Magtymguly Pyragy - umumadamzat şahyry

Her bir güni toýdur baýramlara beslenýän eziz ýurdumyzda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber goldawlary netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Beýik söz ussady dana Pyragynyň berkarar döwleti binýat etmek hakyndaky arzuwlary, adamkärçilige, ynsanperwerlige, halallyga gönükdirýän eserleri biziň ajaýyp zamanamyzda bagtdan paýly her bir raýatyň kalbyny nurlandyrýar. 

 

Dünýä edebiýatyndan müdimilik orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy asyrlar geçse-de, öz gymmatyny asla ýitirmeýär. Şoňa görä-de şahyr ähli döwürleriň we bütinadamzat kölüniň şahyry hasaplanylýar. Dürdäne şygyrlarynda mertligi, batyrlygy, watançylygy, päk söýgüni wasp eden ussat her bir ynsan üçin kämillik mekdebi, terbiýe ojagydyr. Halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda medeniýetiň, terbiýeçilik mekdebiniň kemala gelmeginde şahyryň bitiren hyzmatlary uludyr. Şahyryň şygyrlary türkmen tebigatynyň jana şypaly howasy deýin ýüreklere giňlik eçilýär.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury”, “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eserlerinde, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygrynda dana şahyryň belent mertebesi, ýiti paýhasy örän jaýdar beýanyny tapýar.

 

Bütin adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen dana şahyrymyzyň gymmatly mirasyny içgin öwrenmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Aziza Hudaýnazarowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.