logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly dörediler!
  02.05.2023
1334
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly dörediler!

Mälim bolşy ýaly ýaňy-ýakynda, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak we kabul etmek beýik akyldaryň mertebesini beýgeltmekde uly iş bolar diýip hasap edýändigini belledi.