logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki giň meýdança şatlyk-şowhuna beslendi
  22.02.2023
1200
Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki giň meýdança şatlyk-şowhuna beslendi

Golaýda, Änew şäheriniň merkezi seýilgähine görk goşup oturan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki giň meýdança şatlyk-şowhuna beslendi. Bu gözel künjekde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa medeniýet-sungat işgärleri, dürli ulgamlaryň zähmetkeşleri, ýaşlar gatnaşdy. Dabara, Ahal welaýat häkimligi, welaýat Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy.

Seteran guralan türkmeniň alty ganat ak öýleri, olaryň töweregindäki milli öwüşginli sergiler dabara gatnaşyjylarda göwün göteriji duýgulary döretdi. Amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi ildeşlerimizde ýakymly täsirleri galdyrdy. Dutarçy bagşylaryň beýik akyldar şahyrymyzyň goşgularyna ýerine ýetiren hoş owazly aýdymlary dabaranyň many-mazmunyny has-da artdyrdy.

Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly we döredijilik mirasy, tutuş adamzat aňyýetiniň kämilleşmegini nazarlaýan eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti baradaky söhbetler dabarada edilen çykyşlaryň özeni boldy. Çykyş edenler dana şahyrymyzyň döredijiligine goýýan çäksiz sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.