logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Magtymguly şäherindäki fabrikde 42 müň 103 jübüt aýakgap öndürildi
  10.01.2023
919
Magtymguly şäherindäki fabrikde 42 müň 103 jübüt aýakgap öndürildi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary önümçilik görkezijilerine beslemegi maksat edinýän Dokma senagaty ministrliginiň Balkan welaýatyndaky iri önümçilik düzümleriniň biri bolan Magtymguly şäherindäki Tikin we aýakgap fabrikler toplumynyň işçi-hünärmenleri şu günler iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar. Toplumyň geçen ýyl gazanan önümçilik görkezijileri bu asylly maksadyň myrat tapjakdygyna şaýatlyk edýär. Has takygy, işgärleriniň agramly bölegi gelin-gyzlar bolan bu häzirki zaman önümçilikde geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda tikin we örme önümleriniň jemi 378 müň 197-si, aýakgap jübütleriniň 42 müň 103-si taýýarlanyldy we 24,5 million manat özleşdirildi. Netijede tutuş toplum boýunça geçen ýyl önüm öndürmek baradaky meýilnama iki esseden hem köp amal edildi.

Önümçiligiň ösüş depginini 125 göterim ýokarlandyrmagy başaran toplumyň işgärleri özleriniň asylly maksatlaryna ýetmek üçin şu günlerden has-da yhlasly zähmet çekýärler.