logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly aýdym-sazly dabara geçirildi
  16.02.2023
1076
«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly aýdym-sazly dabara geçirildi

Golaýda, Bagyr medeniýet öýünde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň, Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň hem-de Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde guramagynda geçirilen, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan bu dabara ýurdumyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky beýik ösüşleriniň özboluşly beýany bolan joşgunly döredijilik çykyşlaryna hem baý boldy.

Dabaranyň dowamynda ýaýbaňlandyrylan Büzmeýin Medeniýet merkeziniň «Oguz kakuwlary» çeper höwesjeňleriniň deprekçiler toparynyň, 5-nji sungat mekdebiniň okuwçylarynyň, şeýle hem ussat bagşy-sazandalaryň aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik hem-de dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Joşgunly ýaňlanan aýdymlarda belent sepgitleri nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň şöhratly ösüşleriniň, hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň asuda durmuşy, bagtyýar ýaşaýşy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleriniň, edýän taýsyz tagallalarynyň waspy belentden ýetirildi. Ussat şahyr, akyldar Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna döredilen aýdymlara uly orun berildi. Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri belentden ýaňlandy.