Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza maslahatynda raýat jemgyýeti forumy ýokary derejeli çykyşlar bilen açyldy ✦ ✦ Awaza 2025 maslahatynyň çäginde Ýaşlar forumy öz işine başlady ✦ ✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Mähribanlygyň hem gözelligiň baýramy
  06.03.2023
725
Mähribanlygyň hem gözelligiň baýramy

Bagtyýarlykdan hem rowaçlykdan nurlanýan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda türkmen zenanlaryna belent sarpa goýulýar. Baý milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda we geljekki nesillerimize ýetirmekde zenanlaryň hyzmaty diýseň uludyr. Olar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň ösüşlerine ösüş, şanyna şan goşýarlar. Mundan başga-da türkmen zenanlary dessanlaryň, rowaýatlaryň, gahrymançylykly eserleriň we halk döredijiliginiň gahrymanlary, gaýtalanmajak sungat eserlerini halkymyza bagyş eden döredijilerdir. Merdana ata-babalarymyz zenanlara, gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdir.

Mährem enelerimiz, ussat zenanlarymyz ähli döwürde hem türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläpdir. Olar maşgala ojagynyň ýylysynyň hem-de jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy we ynsanperwer kadalarynyň gözbaşynda durupdyr. Ene mukaddesligi -  tagzym edilmeli beýik mukaddeslikdir. Ene mukaddesligi Watan, toprak bilen deň derejede arzylanýan gymmatlykdyr. Mähriban enelerimiziň ýyly mähri, ak patasy biziň ömür ýolumyzyň açyklygydyr. Şöhratly milletimiziň geçmiş taryhynda belli zenan şahsyýetlerimiz öçmejek yz galdyrypdyr. Muňa Parfiýanyň patyşasy Mitridatyň gyzy Rodoguna, zenan serkerde Zarina, watansöýüjiligi dilleriň senasyna öwrülen Tumar şa, Altynjan hatyn, Törebeg hanym ýaly meşhur zenanlaryň öz döwründe bitiren beýik işleri aýdyň nyşandyr. Çeper elli türkmen zenanlarynyň tagallasy arkaly özüniň nepisligi we gözelligi bilen göreni haýran galdyrýan türkmen halylarydyr ajaýyp keşde-nagyşlary bütin dünýäde ykrar edilen sungat eserleri hökmünde biziň günlerimize ýetirildi. Türkmen zenanlarynyň geçmişde bitiren beýik işleri barada näçe aýtsaňam bärden gaýdýar. Häzirki wagtda döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Berkarar Watanymyzda edep-terbiýäni, belent ahlaklylygy, mähribanlygy dabaralandyrýan Halkara zenanlar güni täze many-mazmun bilen baýlaşyp, uly dabaralara besleýär. Biz hem, owadan bahara çalymdaş zenanlarymyzy, gelin-gyzlarymyzy ýurdumyzda uludan bellenilýän Halkara Zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! 

 

Nurana KABULOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.