logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /«Maksada okgunly» hususy kärhanasy ilkinji bolup hind towugynyň etinden gaplanan önümleri öndürildi
  05.01.2023
1110
«Maksada okgunly» hususy kärhanasy ilkinji bolup hind towugynyň etinden gaplanan önümleri öndürildi

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrapynda ýerleşýän «Maksada okgunly» hususy kärhanasy ilkinji bolup hind towugynyň etinden gaplanan önümleri öndürmegi özleşdirdi.

Kärhanadaky awtomatlaşdyrylan önümçilikde hind towugynyň etiniň üç görnüşi öndürilýär. Olar guş etiniň dürli böleklerinden – butlaryndan, döşlerinden, süňklerinden taýýarlanylýar we tagamy güýçlendirijisiz hem-de beýleki emeli goşundylarsyz önüm ýagdaýyna getirilýär. Gaplanan önümler uzak wagt saklanmaga niýetlenilip, olary gyzdyryp hem gyzdyrman hem ulanyp bolýar. Önümleri gaplamak üçin niýetlenen aýna gaplar «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasynda taýýarlanylýar.

Kärhananyň ýolbaşçysy Maksat Ibragimow, uzak wagtlap saklanmaga niýetlenen, ýokumly we berhizlileriň hem ulanyp biljek önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Täze zawodda çaga we gipoallergen iýmitleri hem-de hind towugynyň etinden gaplanan şöhlat we beýleki ýokumly önümleri öndürmek meýilleşdirilýär.

Belläp geçsek, «Maksada okgunly» hususy kärhanasy Türkmenistanda ilkinji bolup hind towugynyň ýumurtgasynyň importyny guran we häzirki wagtda hind towugyny ösdürip ýetişdirip, guş etini senagat taýdan gaýtadan işlemegi ýola goýan ilkinji kärhanadyr.