Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Maksadyňy durmuşa geçirmegiň netijeli basgançaklary
  04.11.2022
902
Maksadyňy durmuşa geçirmegiň netijeli basgançaklary

1. Durmuşda üstünlik gazanmagyň netijeli basgançaklarynda ilkinji nobatda maksadyňyzy anyk kesgitläň. Öňümizde goýan maksadymyzyň özümiz üçin peýdalydygyny seljeriň.

2. Her gün täze zatlary öwrenmeklige ýykgyn edip, kämilligimizi ösdürmek diýseň ähmiýetlidir. Ýykgyn edýän ugrumyz boýunça köp okap, öwrenip, halypalaryň nesihatlaryny we olaryň durmuş tejribesini sapak edinmek maksadymyza sary barýan ýolda özboluşly itergidir.

3. Gerekmejek zatlara wagtymyzy sarp etmän, degersiz güýmenjelerden gaça durup, diňe maksadymyza ymtylmak üstünligiň ýarysydyr.

4. Durmuşda medeniýetli bolmak, özüňi köpçülikde dogry alyp barmak durmuş ýolumyzy ýeňilleşdirer, näçe medeniýetli boldugymyzça, şonça-da biziň bilen işleşmäge höwesli adamlar şonça hem kän bolar.

5. Sagdyn pikirlenmek hem üstünlige ýetmegiň ýene bir çözgüdidir. Has ownukçyllyk ýersiz dartgynlylyk döredýär. Dartgynly ýagdaýda bolsa sagdyn pikirlenip bolmaýandygy düşnükli bolsa gerek. Şol sebäpli maksadyňy durmuşa geçirmek üçin sagdyn pikir bilen wagt zerurdyr.

6. Girdeji gazanmak esasy maksadymyz bolmaly däl-de, öz işimizi ýola goýmak üçin yhlasly zähmet çekmelidir.

7. Ruhy taýdan güýçli bolmagy öwreniň. Çünki köpçülik bilen işleşmekligi başarmak uly başarnykdyr, ukypdyr. 

8. her bir işe içgin çemeleşmek, ýürekden ýapyşmak, täzelikleri oýlap tapyp, döredijilik ukybymyzy ösdürmek düşünjelerimizi gitdigiçe özgerder we bize maksadymyza ýetmäge güýç-gaýrat berer.

Gadyrly deň-duşlar, üstünlik mydama size hemra bolsun!

 

Reýimbaý TÄJIMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.