logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Maldarçylyk düşewintli pudak
  17.05.2020
1146
Maldarçylyk düşewintli pudak

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan- Bitaraplygyň Mekany” ýylynda Eziz Watanymyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge önjeýli goşant goşýan Babadaýhan etrabynyň edermen maldarlary dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini guramaçylykly alyp bardylar. Bahar paslynyň ygally gelmegi bilen öri meýdanlaryň gözel görke beslenip gökje otlar bilen ötülmegi mallaryň ýokary semizlikde saklanmagyna hem-de owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmäge oňyn şertleri dörtdi. Babadaýhan etrabynyň daýhan birleşikleriniň edermen çopanlary baş dowarlardan sagdyn owalak- guzy almak boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Çopanlar yhlasly işiň hemişe üstünlik getirýändigine pugta ynanýarlar. Halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýtýarlar.