logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Maldarçylyk hojalygy
  20.06.2022
1838
Maldarçylyk hojalygy

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny ösdürmekde birnäçe işler amala aşyrylýar. Muňa musal hökmünde ýurdumyzda  kiçi we orta telekeçilere ýeňillikli karzlaryň berilmegini bellemek bolar.  19.12.2015-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesiniň deňinde Aşgabat-Türkmenbaşy gara ýolunyň 7 kilomert demirgazygynda telekeçi M.Altaýewiň “Ajaýyp Ussat – Halal önümler” hojalyk jemgyýetine degişli bolan maldarçylyk toplumy  açylyp ulanmaga berildi. Bu maldarçylyk toplumy ýylda 20 müň tonna süýt we 100 tonna “mermer et” diýilýän ýokary hilli sygyr etini öndürmek üçin niýetlenen. “Mermer et” mallary semretmegiň aýratyn tehnologiýasy hem-de olary iýmitlendirmegiň ýörite usuly arkaly öndürilýär. “Mermer et” hakykatdan hem üýtgeşik azyk önümi bolup, ol malyň bogun süýümleriniň arasynda ýag gatlaklary gürnüşinde ýaýramak bilen, içki ýaglaryň toplanmagy netijesinde aýratyn tagama eýe bolýar.  Ýokarda ady agzalyp geçilen et we süýt önümleri biziň saçaklarymyzyň bezegi bolup toý baýramlarymyzda taýýarlanylýan tagamlara has-da üýtgeşik tagam berýär.