logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Maldarlar gyş möwsümine ýokary depginde taýýarlyk görýärler
  04.08.2022
808
Maldarlar gyş möwsümine ýokary depginde taýýarlyk görýärler

      Bilşimiz ýaly, tomus paslynyň häzirki günlerinde gyş möwsümi üçin bol ot-iým goruny döretmek örän möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu günler daýhan birleşikleriň gyş möwsümi üçin ot-iým taýýarlaýjylary bu derwaýys işde ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Olar gyş möwsümi üçin iri baldakly ot bolan saman hem-de bede taýýarlamak işlerini ýokary depgin bilen alyp barýarlar. Işiň hiline we mukdaryna aýratyn üns berýärler.
     Häzirki wagta çenli Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Mürçe» daýhan birleşiginde 33 tonna, «Ýeňiş» daýhan birleşiginde 216 tonna hem-de Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginde 775 tonna, Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde hem 612 tonna ot-iým gorlary taýýarlanyldy. Şeýlelikde, bu hojalyklar nusga alarlyk işleri bilen öňe saýlanýarlar. Taýýarlanan ot-iýmlik bedeler daýhan birleşiklerine degişli bolan maldarçylyk hojalyklaryna ugradylýar.