logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /MALDARLARYŇ  ZÄHMETINE  SARPA !
  05.04.2022
1067
MALDARLARYŇ  ZÄHMETINE  SARPA !

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň oba-hojalygynyň maldarçylyk pudagynda-da uly özgertmeler amala aşyrylýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň maldarlarynyň öňünde ilatymyzy maldarçylyk önümleri bilen bol üpjün etmegi, dowarlaryň baş sanyny we onuň önümliligini ýokarlandyrmagy möhüm wezipe edip goýdy. Döwlet Baştutanymyzyň dowardarlaryň öňünde goýan wezipesine hötde gelmek üçin yhlasly zähmet çekip, öz şahsy goşantlaryny goşýan edermen maldarlarymyzyň uly zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmakda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi hem owlak-guzy möwsüminde ýokary netije gazanan öňdebaryjy maldarlary höweslendirmekde öz goşantlaryny goşýarlar. Etrabyň maldarlary hem “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirip, ilkinji üstünligiň eýeleri boldular. Iri maldarçylyk hojalygynda köpeldilýän garaköli tohumly goýunlardan sagdyn guzulary almak işlerine girişen maldarlar bu möhüm işleriň möwsüminiň şu baharda hem üstünlikli jemlenjekdigine pugta ynanýarlar. Maldarçylyk hojalygynyň işjeň çopanlary öz bakýan sürülerinde meýilleşdiren borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Şeýle zähmet üstünliginiň gazanylmagyna etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky maldarçylyk hojalygynyň Hojammaýew Annajuma, Balykow Annamämmet, Ö.Japarow adyndaky daýhan birleşiginiň çopanlary Taganow Saparmuhammet, Sähetmyradow Saparmyrat  dagylar işeňňirlik görkezip Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular. 

Işewürlikde tapawutlanýan adamlaryň gözlegleri netijesinde bu işiň hem üstünlikli berjaý edilmegi üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimize il-bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işlerinde mydama rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň
esasy hünärmeni.