logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanan maslahatlar geçirildi
  13.08.2022
761
Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanan maslahatlar geçirildi

12-nji awgustda, hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň medeniýet öýünde, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde maslahatlar geçirildi.

Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň medeniýet öýünde geçirilen maslahat «Mert pederleriň ýoly dowamat-dowam» diýlip atlandyryldy. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi, görnükli şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyňdyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat «Pederleriň mukaddes ýoly nesilleriň aýdyň ýörelgesidir» diýlip atlandyryldy. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalardyr jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň wekilleri, ýokary we orta okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, şeýle-de jemgyýetçilik birleşikleriniň köp sanly işjeň agzalary gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen geçirilen maslahat «Nusgalykdyr päk ykbaly atamyň» diýlip atlandyryldy. Bu maslahaty, welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi bilelikde gurady. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, welaýatyň edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýaşuly we ýaş nesliň wekilleri gatnaşdylar.