logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Agriculture /Mallar dok we ýyly gyşladylyp, owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görülýär
  10.01.2023
1493
Mallar dok we ýyly gyşladylyp, owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görülýär

Mary welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň sähra merdanlary uzak örülerde bolmak bilen, mallary dok we ýyly gyşladýarlar. Birleşigiň garamagyndaky «Üçajy» maldarçylyk hojalygynyň 44 müň 898 baş dowara ýadawsyz hyzmat edýän çopan-çoluklary mallaryny Garagum çölüniň günorta-gündogar ýaýlalarynda, şeýle hem Garagum derýasynyň çep kenaryna golaý, ot-çöpüň bol ýerlerinde bakýarlar.

Jogapkärli möwsüme 2 müň 844 tonnadan gowrak ätiýaçlyk otuny ýygnap, gyş agyllaryny birkemsiz taýýarlan maldarlar mallary orta we ýokary semizlikde saklaýarlar. Hojalygyň maldarlary öňümizde duran owlak-guzy möwsümine-de häzirden ykjam taýýarlyk görýärler. Munuň üçin bolsa owlak-guzy alynjak örüleri saýlap-seçýärler hem-de agyllary taýýarlamak işlerini alyp barýarlar.