logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Mäne baba» kümmetinde abatlaýyş işleri geçirilýär
  10.10.2022
1580
«Mäne baba» kümmetinde abatlaýyş işleri geçirilýär

Kaka etrabyndaky «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri şu günler goraghananyň çäginde ýerleşýän Mäne baba kümmetinde berkidiş-rejeleýiş işlerini alyp barýarlar. Aşgabatdan 216 kilometr uzaklykda ýerleşýän, XI asyra degişli bolan bu kümmet iňňän ähmiýetli, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan taryhy arhitektura ýadygärlikleriniň biridir. Bu bina ilkinji seljuk türkmen soltanlary Çagry beg hem-de Togrul beg tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady, keramatly pir Abu Sagyt Abul Haýryň — Mäne babanyň gubrunyň üstünde gurlupdyr.

Goraghananyň rejeleýji hünärmenleri häzirki güýzki möwsümde türkmeniň şöhratly geçmişi hakynda gürrüň berýän bu taryhy ýadygärlikde alnyp barylýan berkidiş-rejeleýiş işleriniň hiline aýratyn ähmiýet berýärler. Çünki ýüzlerçe ýyllap gözel görkde durup, göreniň ünsüni özüne çekýän Mäne baba kümmeti halkymyzyň gymmatly mirasydyr, buýsanjydyr.