logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Mark Zuckerberg-iň baýlygy «metaverse» sebäpli ereýär
  29.10.2022
1101
Mark Zuckerberg-iň baýlygy «metaverse» sebäpli ereýär

Sosial media platformasy «Facebook» şu wagta çenli birnäçe gizlinlik meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolup, wirtual hakykat älemine girdi. Kompaniýanyň ady «Meta» diýlip üýtgedi. Kompaniýanyň baş direktory Mark Zuckerberg «metaverse» äleminde işlemek üçin köp wagt sarp edýär.

«Meta» iýul-sentýabr aýlary üçin girdejisini yglan edeninden soň paýnamalar 20 göterim pese gaçdy. Ýagny Mark Zuckerberg şu ýyl baýlygynyň 61 göterimini ýitirdi. Zuckerberg häzirki wagtda 48,9 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň 23-nji iň baý adamydyr. Ol «Meta» taslamasyna 2022-nji ýylda 125 milliard dollar baýlygy bilen başlady.

«Meta»-nyň işgärleri Mark Zuckerberg-iň «metaverse» bilen baglanyşykly bir zady göz öňünde tutýandygyny we etmek isleýän zadynyň bardygyny mälim edýärler.