logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /Marsdaky şemallardan energiýa alyp bolar!
  12.05.2023
1072
Marsdaky şemallardan energiýa alyp bolar!

Marsda dörediljek adamly bazalar üçin nähili ýeňillik döredilip bilner. Alymlar bu ugurda birnäçe gözlegleri dowam edýärler. Golaýda, Gyzyl planetada öwüsýän şemallaryň energiýa zerurlyklaryny özbaşdak kanagatlandyryp biljekdigi ýüze çykaryldy.

 

Marsda guruljak ilkinji adamly bazany göz öňüne getiriň. Belki-de, uzakda ýerleşýän planetada ýaşamak üçin dürli şertler döredilen ýeri pikir edip bilersiňiz. Alymlar, Mars şemallary arkaly aýlanýan we ilkinji kosmonawtlara keseki planetada ýaşamak üçin şert döredýän, energiýa bilen üpjün etjek ýel turbinalaryny gurup boljakdygyny aýdýarlar. Bu baradaky ylmy gözlegler «Nature Astronomy» žurnalynda çap edildi.

 

Ýel bilen işleýän turbinalar Marsyň üstünde gözleg üçin täze mümkinçilikleri hem açyp biler diýlip çaklanylýar. Kosmos gözlegleri bilen meşgullanýan alymlar ýel turbinalarynyň durmuşa ukyplylygyny mälim edýärler. Gözlegleriň netijesi ýel energiýasynyň Gyzyl planetada energiýa önümçiliginiň ep-esli bölegini emele getirip biljekdigini görkezýär, adamlar ýakyn wagtda bu ýere üstünlikli baryp bilerler diýip çaklaýarlar.

 

Mars şemallary gün we ýadro energiýasy bilen deňeşdirilende gaty gowşak bolansoň, alymlar köplenç ýel güýjüni Mars missiýasynyň çäginde ikinji derejeli energiýa çeşmesi hökmünde görýärler. Mundan başga-da, Marsda geljegi uly adam gonýan ýerleriň köpüsi polýar sebitlerde we onuň töwereginde, ýerüsti buzlardan suwuk suw çykaryp boljak has giň giňişlikler hem bar. Beýleki tarapdan, bu sebitler gün energiýasynyň has köp üýtgemegini görkezýär, netijede goşmaça energiýa çeşmesiniň zerurlygy ýüze çykýar.

 

Abdykerim TAHIROW, 

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.