logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Marsdan toplanan delilleriň haçan Ýere geljekdigi mälim edildi
  28.03.2022
1445
Marsdan toplanan delilleriň haçan Ýere geljekdigi mälim edildi

“NASA”-nyň kosmos gämisi “Perseverance”-iň Marsdan ýygnan delilleriniň haçan Ýere getiriljekdigi kesgitlenildi. “NASA” tarapyndan işlenip düzülen “Perseverance” kosmos gämisi 2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda işe girizildi we geçen ýylyň başynda gyzyl planetadaky Jezero Kraterine gondy.

“Perseverance” kosmos gämisi, geologiki prosesleri, Marsda ýaşaýyş mümkinçiligini, ozal ýaşaýşyň bolandygyny ýa-da biologiki yzlaryny derňemek üçin dürli gaýa we toprak delillerini ýygnaýar. Ýakynda bu kosmos gämisiniň ýygnan delilleriniň Ýere haçan getiriljekdigi kesgitlenildi. Berlen beýanata görä, dürli maglumatlary özünde jemleýän dürli gaýa we toprak delilleri gyzyl planetadan Ýere 2023-nji ýylda getiriler.

Eýsem bu deliller nädip Ýere getiriler? Ilki bilen Marsa özbaşdak hereket edip bilýän ýerüsti ulag iberiler. Bu ulag “Perseverance” kosmos gämisinden bu nusgalary alar we Ýere syýahaty üçin ýörite gaplara salar.

Ondan soň, “Mars Ascension Vehicle” (MAV) atly başga bir ulag Marsyň üstüne gonar we gaplanylyp taýyn edilen delilleri Ýere alyp geler. Ýere getirilen nusgalar we deliller Ýewropa kosmos gullugyna tabşyrylar.

Serdar MUHAMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.