logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Marsyň 5,7 trillion piksellik kartasy döredildi
  10.04.2023
1275
Marsyň 5,7 trillion piksellik kartasy döredildi

Marsyň täze interaktiw kartasy döredildi. Emma bu adaty karta däl. Bu karta 5,7 trillion pikselden ybarat. Ýagny kompýuteriňiz bilen hem bu kartany görmekde kynçylyk çekip bilersiňiz.

NASA – «Mars Reconnaissance Orbiter» tarapyndan düşürilen 100 müňden gowrak suratdan ybarat Marsyň interaktiw kartasyny çykardy. Bu karta, Marsyň häzire çenli döredilen iň ýokary ölçegli sferik portreti hökmünde tapawutlanýar.

Karta Kaliforniýa Tehnologiýa Institutynyň Laboratoriýasyndaky alymlaryň işleriniň netijesinde ýüze çykdy. 5,7 trillion pikselden ybarat bolan bu karta, Marsyň üstüni ak-gara reňkler bilen şekillendirýär. Kartada juda köp maglumat bar.

Gyzyklanýanlar täze döredilen karta bilen Gyzyl planetadaky iň uly dagy we krateri bilen ýakyndan synlap bilerler.

«Mars Reconnaissance Orbiter» - häzirki wagtda hem Marsyň ýüzüni yzygiderli synlaýar we ýazga geçirýär.   

 

Merdan SERHENOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy.