logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /“Mary deri-aýakgap” AGPJ - uly we kiçi ýaşly okuwçylar üçin aýakgap önümçiligine başlady
  24.03.2022
1694
“Mary deri-aýakgap” AGPJ - uly we kiçi ýaşly okuwçylar üçin aýakgap önümçiligine başlady

“Mary deri-aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti uly we kiçi ýaşly okuwçylar üçin aýakgap önümçiligine başlady. Kärhanada eýýäm 24 müňe golaý jübüt dürli ölçegdäki okuwçy aýakgaplary satuwa çykaryldy. Aýakgaplar ýeňil we gelşikli bolup, özüniň berkligi we ykjamlylygy bilen tapawutlanýar.

“Mary deri-aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze tikinçilik bölüminde okuwçy aýakgaplaryndan başga-da dürli aýakgaplar, şol sanda harby gullukçylar, seýisler we çapyksuwarlar üçin uzyn gonçly ädikleri öndürmek hem ýola goýuldy.

Belläp geçsek, “Mary deri-aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2020-nji ýylda Marynyň öňki gön zawodynyň binýadynda döredildi.