logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Mary welaýatynda täze dermanhana açyldy
  19.05.2023
1215
Mary welaýatynda täze dermanhana açyldy

18-nji maýda Mary welaýatynyň edara ediş merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişli bolan dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirilip, ajaýyp wakanyň toý öwüşginini artdyrdy.

Mary şäherinde açylan dermanhananyň umumy eýeleýän meýdany 500 inedördül metrdir. Bu ýerde dermanhana işgärleriniň zähmet çekmegi üçin hemme şertler döredilipdir. Täze dermanhanada bölümleriň birnäçesi we töleg nokatlary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, sanly ulgama birikdirilendir.

Dermanhanada Türkmenistanda öndürilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemler, Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary bar. Olaryň ählisiniň ýokary hilli, elýeterli bahalardan halka hödürlenýändigini bellemek gerek. Işi arakesmesiz we dynç günsüz ýola goýulýan täze dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerden ybaratdyr. Munuň özi alyjylara zerur derman serişdeler bilen birlikde gyssagly hem-de ýokary derejeli maslahatlary almaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde sorag-jogap gullugynyň işi-de ýola goýlupdyr.

Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar dermanhananyň içine aýlanyp gördüler we onuň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular.