logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Mary welaýatynyň ekerançylary 365 müň tonna «ak altyn» tabşyrmagy meýilleşdirýärler
  15.08.2022
918
Mary welaýatynyň ekerançylary 365 müň tonna «ak altyn» tabşyrmagy meýilleşdirýärler

Mary welaýatynyň ekerançylary gowaçanyň bitginli hasylyny kemala getirmegi başardylar. Häzirki wagtda welaýatyň gowaça meýdanlarynda ak hanalar köpçülikleýin açylyp başlandy.

Mary welaýaty boýunça 165 müň gektara gowaça ekilip, onuň 15 müň gektaryna gowaçanyň inçe süýümli, 150 müň gektaryna bolsa orta süýümli görnüşleri ekildi. Welaýatyň ekerançylary 365 müň tonna «ak altyn» tabşyrmagy meýilleşdirýärler.

Ekerançylar bilen bir hatarda “Marypagta” önümçilik birleşiginiň düzümine girýän 9 sany pagta arassalaýjy kärhanalaryň binalary we çäkleri bejerilip, timarlanyp pagta hasylyny kabul etmäge kemsiz taýýar edildi. Şeýle hem welaýat boýunça pagta hasylyny kabul etjek 35 sany harmanhana we olardaky pagta basyrylýan meýdançalar, işlediljek ýükleýji mehanizmler we enjamlar, ýygymda ulanyljak 467 kombaýn, şol sanda 308 sany ýokary öndürijilikli “John Deere” we Özbegistanda öndürilen “MХ 1,8” kysymly iki hatarly tirkeg kombaýnlarynyň 159 sanysy ýygym möwsümine taýýar edilip goýuldy.