logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Mary welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleri synpdan daşary okuwlary geçýärler
  18.11.2022
2793
Mary welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleri synpdan daşary okuwlary geçýärler

Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary Mary şäheriniň umumybilim berýän orta mekdeplerinde synpdan daşary okuwlary geçýärler. Köpýyllyk iş tejribesi bolan kitaphanaçylar synpdan daşary okuwlaryň dowamynda görnükli türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ömri we döredijiligi barada okuwçylara giňişleýin gürrüň berýärler. Söz ussatlarynyň döreden çeper eserlerinden parçalary okap berýärler.

Synpdan daşary okuwlary geçirmegiň esasy maksady ýaş nesilde kitaba söýgi döretmekden, okuwçylary kitaphana çekmekden we ýaşlara döwrebap derejede terbiýe bermekden ybarat. Häzirki wagtda şeýle okuwlar Mary şäherindäki 2-nji, 5-nji, 10-njy, 11-nji hem-de 12-nji orta mekdeplerde geçirildi. Synpdan daşary okuwlary şu okuw ýylynyň bütin dowamynda geçirmek meýilleşdirilýär.