logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Maryawtoulag» önümçilik birleşigi şu ýyl 27 müň tonna ýüki artyk daşady
  24.02.2023
1182
«Maryawtoulag» önümçilik birleşigi şu ýyl 27 müň tonna ýüki artyk daşady

Şu ýylyň ýanwar aýynda göz öňünde tutulan 177 müň tonna ýük daşamagyň deregine, 186 müň tonna ýük daşap, meýilnamany 105 göterimden gowrak ýerine ýetiren «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň zähmetsöýer işçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her gününi uly üstünliklere besleýärler. Bu görkeziji, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýyl 27 müň tonna ýüküň artyk daşalandygyny görkezýär.

Özleri üçin döredilip berilýän şertlerden, uly goldawlardan ruhlanyp zähmet çekýän önümçilik birleşiginiň sürüjileri ýük dolanyşygynyň meýilnamasyny-da 106 göterim ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Önümçilik birleşiginiň tejribeli sürüjileri ýolagçylara hyzmat etmekde-de gaýratlylyk görkezdiler. Olar ýanwar aýynda meýilnamada göz öňünde tutulan 1 million 782 müň ýolagçynyň deregine, 1 million 853 müň ýolagçy gatnadyp, tabşyrygyň berjaý edilişini 104 göterimden geçirdiler. Ýolagçylaryň dolanyşygy babatdaky tabşyryk hem degişli döwürde 104,4 göterim ýerine ýetirildi.