Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Maryly ussat bagban hojalygyndaky ýyladyşhanada «Waşington palmasyny» ösdürip ýetişdirýär
  05.01.2023
1219
Maryly ussat bagban hojalygyndaky ýyladyşhanada «Waşington palmasyny» ösdürip ýetişdirýär

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginiň ýaşaýjysy Kakanazar Gurbanow öz şahsy hojalygyndaky ýyladyşhanasynda tropiki ekinleriň birnäçesini ösdürip ýetişdirýär. Ussat bagban Kakanazar aga ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilmesi kyn bolan miweli tropiki ösümlikleri ekip, olardan bol hasyl alýar.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem ussat bagbanyň ýyladyşhanasynda «Waşington palmasy» atly palma ösýär. Kakanazar aga indi birnäçe ýyl bäri bu gawun agajyndan hasyl alýandygyny nygtaýar. Şeýle hem ussat bagban, ýakyn geljekde limonyň we papaýýanyň düýp sanyny köpeltmegi meýilleşdirýändigini şeýle-de mango, ananas we kiwi ösümliklerini hem ösdürip ýetişdirmegi göz öňünde tutýandygyny belleýär.

Kakanazar aganyň ýyladyşhanasynda güldanlarda gülleriň, aloeniň we kaktusyň dürli görnüşleri, şefflera we benjamin gyrymsy, monstera agaçlarynyň, şeýle hem bananyň, limonyň, papaýýanyň nahallary ýetişdirip, elýeter bahadan alyjylara hödürlenilýär.

Belläp geçsek, papaýýa agajy şahasyz, dik ösýän, juda ýogyn bolmadyk ýumşak sütünli palma görnüşli daragt. Çür depesinde uzynlygy bir metre çenli bolan ýapraklary bolup, agajyň sütüniniň töwereginde gawuna meňzeş miweler düzüm-düzüm bolup ýerleşýärler. Oňa başgaça gawun agajy ýa-da çörek agajy hem diýilýär. Ýylyň dowamynda gülläp, miwe getirip durýar. Jemi 25-30 kilograma çenli hasyl berýär. Papaýýanyň miwesi tagamy boýunça biziň zamça gawunymyzy ýada salýar.

Miwesiniň möçberi 25-30 santimetr ululykda, agramy 3-4 kilograma çenli bolup, gawun görnüşli süýnmegräk şekili bar. Şu hem onuň gawun agajy diýlip atlandyrylmagynyň sebäbidir. Ol miwesi gabygyny we içindäki çigitlerini aýryp, çigligine iýilýär. Ony maýdajyk dograp, gowrup iýseň hem tagamy biçeme däl. Gowrulýan pursadynda ondan täze bişen çöregiňkä çalymdaş ýakymly ys ýaýraýar.

Miwesiniň sary reňki onuň düzüminde köp mukdarda karotiniň bardygyny görkezýär. Şeýle hem bu miwe sink, demir, fosfor, magniý, kaliý, kalsiý ýaly mineral maddalara we A, B, D, S witaminlere baý. Bu bolsa miwäniň has ýokumlydygyny we adam üçin juda peýdalydygyny aňladýar. Düzüminde kletçatkanyň we papain fermentiniň köp bolmagy adamyň aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegine, bedeniň immunitetiniň berkemegine oňaýly täsiri edýär. Gülleýän döwri gülleriniň burk urýan ysy bar. Jana lezzet, ömre şypa, juda hoştap bu ys müşki-anbar yslaryna gaýra dur diýýär.