logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Maşgala binýadynyň sütüni
  22.06.2022
1164
Maşgala binýadynyň sütüni

Tejen etrabynyň Altyn asyr tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynda Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, harby, hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahata kümüş saçly mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de kärhanada zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe maşgalanyň durmuşdaky ornuny pugtalandyrmak, türkmen halkyna gadymyýetden mahsus bolan maşgala gymmatlyklaryna eýermek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakdaky gürrüňe aýratyn üns çekildi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda ýaşlar bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan Ýaşlar syýasaty baradaky wezipeleri işläp çekmekde, ýaşlaryň we gelin-gyzlaryň arasynda maşgala binýadynyň berkligi, ýaşlaryň berk bedenli, ruhy taýdan kämil, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelere sarpa goýmak, Watanymyza we halkymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin  biz hem yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekmelidiris diýip belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda her bir raýatyň bähbidine gönükdirilen “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi esasynda Diýarymyzda beýik işleriň alnyp barylýandygy, türkmen halkynyň milli-mirasa belent sarpa goýup, maşgala ojagyny mukaddes saýýandygyna eýerip, ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny, maşgala agzybirligini, jebisligini  berkitmek  barada giňişleýin belläp geçdiler.

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni.