logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Maşgalam - baş galam
  20.11.2023
2036
Maşgalam - baş galam

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan her bir maşgala gurýanlaryň bagtly, agzybir maşgala bolmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak dӧwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň dӧwrüň talabyna gӧrä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar. Maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalar biziň kanunçylyk namalarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Maşgala mukaddesligine uly sarpa goýýan pederlerimiz ýaş çatynjalaryň nikalarynyň berk binýatly, döwletli ojak bolup, bagtyýar ýaşamaklaryny isläpdirler.Ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzyň milli ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, urp-adatlary bu günki bagtyýarlyk döwrümizde nusgalyk mekdep hasaplanylýar.

 


Taryha nazar aýlasaň, maşgala terbiýesiniň ӧzeninde zähmet terbiýesine aýratyn üns berlendigi baradaky mysallar has kӧp duş gelýär. Maşgalada her bir ata-ene ӧwrenen hünäriniň, käriniň inçe syrlaryny, tilsimlerini, şol hünäre, zähmete bolan sӧýgini ilki bilen çagalaryna ӧwredip, ol hünäri ata ogluna ӧwretse, ene gyzyna geçiripdir. «Ata kesbi-ogla halal» diýen parasatly pähimleriň bolmagy, geçmişde ata-enelerimiziň çagany kiçi ýaşdan terbiýeländigine şaýatlyk edýär.

 


Şazada GANDYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.