Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Mäşirik
  06.02.2023
1247
Mäşirik

Mäşirik barada öň hem eşiden bolmagyňyz mümkin. Araňyzda mäşirigiň nämedigini bilmeýäniňiz bar bolsa geliň, öwreneliň! 

— Goýundan ýylda iki gezek gyrkylyp ýüň alynýar. Ýaz paslyndaky gyrkymyna «ýaz ýüňi», güýz paslyndaky gyrkymyna «güýz ýüňi» diýilýär. Güýz ýüňi ýaz paslyndaky ýüňden gysga bolýar. Şonuň üçin, köplenç, güýz ýüňünden keçe taýýarlanylýar. Saryja goýnuň ýaz ýüňünden bolsa egrilip haly dokalýar. Haly dokamak üçin niýetlenen ýüpleriňem erişlik, çitimlik hem-de argaçlyk diýen ýaly tapawutly görnüşleri bar. Erişlik ýüp halyny ýüwürtmek üçin ulanylýar. Çitimlik ýüpler, halynyň ýüzi owadan bolar ýaly, erişlik ýüpden gowşagrak egrilýär hem-de dürli reňklere boýalýar. Argaçlyk ýüp halynyň iç geçeri üçin ulanylýar.

Erişlik ýüpi egirmek üçin ýuwup, arassalanan ýaz ýüňüniň has uzynlaryny saýlap, ýüň darakda pugta daraýarlar. Daralan ýüňüň ýüpek ýaly uçlaryny silkip pişge edýärler. Soňra şol pişgelerden çüýke taýýarlanylýar. Pişge ilki el bilen süýlüp, gowşak ýagdaýda ýumak ýaly saralýar. Onsoň ikde egrilýär. Erişlik ýüp egrilende, pugta tow berilýär. Sebäbi ony soň iki gat edip bükdürmek gerek. Bu diýildigi ýüpi iki gat edip egrilen ugry boýunça däl-de, tersine tow berlip işilmeli. Munuň üçin egrilen erişlik ýüpi iki gatlap, ony igiň daşyna geýdirilip, süýri, ýumurtga şekilde saralyp ýumak edilýär. Soňra ýokardan ýüp çekdirilip, erişlik ýüp halkalardan geçirilýär-de bükdürilýär. Bir ikde bükdürilmedik ýumak, ýene bir ikde bolsa şol ýumagyň bükdürilen ujy saralmaly. Ilki bükdirilip başlananda, igiň bükdürilen tarapy ýeňil bolýar. Şonuň üçin igiň ýeňil tarapynyň gowy pyrlanmagy üçin oňa ikbaş geýdirilip agram berilýär.

Dokma ýüwürtmek üçin şeýdip, elde ýörite bükdürilip taýýarlanan erişden saralan süýri ýumaga bolsa «mäşirik» diýilýär. Mäşirik igiň daşyna saralýandygy üçin ýumagyň içi deşik bolup, çitimlik ýumaklaryň saralyşyndan tapawutlydyr. Umuman, «Mäşirik — dokma ýüwürtmek üçin ýörite bükdürilen erişden saralan süýri ýumak» diýlip düşündirilýär.