logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Matematika sapaklarynda döredijilikli pikirlenmäni ösdürmek
  20.12.2025
493
Matematika sapaklarynda döredijilikli pikirlenmäni ösdürmek

Häzirki döwürde jemgyýetiň ösüşi adamlardan diňe taýýar maglumatlary ýatda saklamagy däl, eýsem döredijilikli we logiki pikirlenmegi, meseleleriň täze çözgütlerini tapmagy talap edýär. Bilim ulgamynyň esasy sütünleriniň biri bolan matematika dersi hut şu maksada hyzmat edýär. Matematika diňe sanlar we formulalar bilen çäklenmän, ol akyl taýdan ösüşi, logiki seljermäni we döredijilikli garaýşy ösdürýän möhüm ylymdyr.

 

Okuwçylarda döredijiligi ösdürmek diňe sungat bilen bagly düşünje däl, eýsem täze çözgüt tapmak ukybydyr. Matematika sapaklarynda bu aýratyn ähmiýete eýedir. Mugallym diňe taýýar çözgütleri görkezmek bilen çäklenmän, okuwçylary «näme üçin?» diýen soraga jogap gözlemäge, dürli çözgüt ýollaryny tapmaga höweslendirmelidir. Şonuň üçin häzirki wagtda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmegine mümkinçilik berýän interaktiw we döredijilikli okatmak usullary giňden ulanylýar.

 

Mysal üçin, deňlemäniň çözgüdini görkezmezden öň okuwçylara ony dürli usullar bilen çözmegi teklip etmek olaryň düşünje arkaly pikirlenmegini ösdürýär. Şeýle çemeleşme okuwçylaryň diňe düzgünleri ýatlaman, eýsem, logiki pikirlenme arkaly netijä gelmegine ýardam edýär.

 

Döredijiligi ösdürmegiň netijeli usullarynyň biri hem toparlaýyn işdir. Okuwçylar mesele boýunça bilelikde pikir alyşyp, öz garaýyşlaryny paýlaşýarlar we iň amatly çözgüdi tapýarlar. Şeýle sapaklar matematiki başarnyklar bilen bir hatarda pikirlenmäniň çeýeligini hem ösdürýär.

 

Tehnologiýanyň ösmegi bilen matematikany okatmakda sanly serişdeleriň orny artdy. Animasiýaly grafikalar, logiki oýunlar we interaktiw platformalar okuwçylaryň derse bolan gyzyklanmasyny artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň döredijilik ukybyny hem ösdürýär. Geometrik şekiller bilen sanly gurşawda işlemek okuwçylary täze pikirlenmelere iterýär.

 

Logiki pikirlenmäni ösdürmegiň möhüm şerti sapaklarda sorag bermegiň medeniýetini kemala getirmekdir. Mugallym diňe dogry jogaby däl, okuwçynyň çözgüde nähili ýol bilen ýetendigini hem bahalandyrmalydyr. Sebäbi logiki pikirlenme diňe netijede däl, pikirleniş prosesinde ýüze çykýar.

 

Sapakdan daşary geçirilýän bäsleşikler, olimpiadalar, intellektual oýunlar we matematika bilen bagly çäreler okuwçylaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga hem-de özüne bolan ynamyny artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle çärelerde mugallym ugrukdyryjy we goldaýjy roluny ýerine ýetirýär.

 

Netijede, matematika diňe hasaplamalary öwredýän ders däl, eýsem döredijilikli, logiki we garaşsyz pikirlenýän şahsyýeti kemala getirýän bilim ulgamydyr. Döredijilikli pikirlenmek häzirki döwrüň iň möhüm başarnyklarynyň biri bolup, mugallymyň wezipesi sanlaryň aňyrsyndaky logiki gurluşy öwretmekden ybaratdyr.
 

Hekimberdi PYGYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.