logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /MAÝYPLAR ÜÇIN ÝYLADYŞHANA
  31.10.2019
1319
MAÝYPLAR ÜÇIN ÝYLADYŞHANA

   Gökdepe etrabynyň “Üzümçilik” daýhan birleşiginiň çäginde Türkmenistanyň “Maýyplary goldamak merkezi” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan döwrebap ýyladyşhana açylyp, ulanylmaga berildi. Mümkinçiligi çäkli raýatlara bakja ekinlerini ýetişdirmegi öwretmek maksady bilen gurlan täze, döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy toý ruhuna beslendi. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýörite meýilnamasynyň çäginde we  hemaýat etmeginde gurlan bu desganyň açylyş dabarasyna Ahal welaýat we Gökdepe etrap häkimlikleriniň    wekilleri, mümkinçiligi çäkli raýatlar, şeýle-de Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gatnaşdy.

     Dabara gatnaşyjy myhmanlar duz-çörekli garşylandy we toý ruhunda bezelen meýdança ýygnandy. Ol ýerde  täze desganyň açylyş dabarasy boldy.  Dabarada gutlag sözleri bilen cykyş eden myhmanlar bu wakanyň ähmiýetine ünsi çekip, täze ýyladyşhananyň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň Türkmenistanda mümkinçiligi çäkli raýatlar üçin döwlet tarapyndan edilýän aladanyň subutnamasydygyny bellediler.

     Gutlag çykyşlaryndan soňra, ol ýerde etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de çagalar tans toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Sungat çykyşlary astynda, hormatly myhmanlar täze ýyladyşhananyň toý bagyny kesip, ol ýerde döredilen şertler we mümkinçilikler bilen tanyşdylar.

    Täze, döwrebap ýyladyşhana 500 inedördül metr meýdany tutýar. Onda pomidordyr hyýar, bulgar burçy ýetişdirmäge giň mümkinçilikler göz öňüne tutulypdyr. Bu ýerde ady agzalan ekinleri ýetişdirmek işine mümkinçiligi çäkli raýatlar gatnaşmak bilen, bu hünäri ele alarlar.