Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Medeni gymmatlyklarymyz halkara derejesinde ösdürilýär
  24.02.2023
699
Medeni gymmatlyklarymyz halkara derejesinde ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini, türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezýän giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle asylly işleriň sanardan känligini medeni mirasymyzyň, milli medeniýetimiziň ebediligine, mizemezligine deňemek bolar. Türkmenistan Watanymyzda milli mirasymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, ebedileşdirmek babatdaky ýörelgeler diňe bir geçmişe sarpa goýmagyň alamaty bolman, milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent hormatdan nyşandyr. Bu ýörelgeler ruhy gymmatlyklar esasynda jemgyýeti jebisleşmäge çagyrýar, şöhratly taryhymyzyň nurana geljegimiz bilen sazlaşygyny emele getirýär. Bereketli türkmen topragymyzyň her bir ýerinde şöhratly taryh janlanýar, bu mukaddes ýerlerde gadymy siwilizasiýalaryň ösen ojaklary saklanýar. Muňa geçmişi şöhratly taryhymyz dolulygyna şaýatlyk edýär. Medeni-taryhy ýadygärliklerimiz diňe bir öz ýurdumyzda meşhur bolman, dünýäniň dürli döwletlerinden gelýän syýahatçylaryň hem ünsüni özüne çekýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurdumyzyň 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup, bu abraýly gurama medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy görnüşleri gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär. Milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegi türkmen halkynyň dünýä nusgalyk medeni gymmatlyklarynyň ähmiýetini giňden açyp görkezýär.

Ýurdumyzyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak hakynda ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşulmagy hem aýratyn bellärliklidir. Gymmatly taryhy-medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy ýerleri geljek nesiller üçin gorap saklamak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ençeme taryhy ýadygärliklerimiziň, milli hem ruhy gymmatlyklarymyzyň guramanyň görnükli sanawyna girizilmegi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp getiren baý medeni mirasynyň ebedileşdirilýändigini alamatlandyrýar. Bu bolsa Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi, medeni gymmatlyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, dünýä ýüzünde ykrar etmek ugrunda alnyp barylýan başlangyçlaryň mynasyp kemal tapýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.