logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /MEDENI MIRAS – GYMMATLY HAZYNA
  27.02.2023
1578
MEDENI MIRAS – GYMMATLY HAZYNA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olar baradaky maglumatlary toplamak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden taryhy we medeni ähmiýetli mirasynyň naýbaşy nusgalaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy bolan ÝUNESKO bilen oňyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalar toplumy, «Görogly dessançylyk sungaty», «Küştdepdi aýdym we tans dessury», «Türkmen milli halyçylyk sungaty», «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi we bu gymmatlyklar dünýä derejesinde ykrar edildi. Milli mirasymyzyň ajaýyp nusgalaryny öwrenmekde, gorap saklamakda, olaryň medeni-taryhy ähmiýetini dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bu ugra döwlet derejesinde uly ünsüň berilýändiginden habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp, gymmatly kitaplarynda hem milli öwüşginleriň, ruhy nepisligiň, ahlak gymmatlyklarynyň, taryhy-medeni mirasyň belent beýany uly buýsanç bilen şöhlelendirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň eserleri milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, wagyz etmekde, geljekki nesle ýetirmekde hem bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Milli mirasymyzy aýap saklamak barada ýola goýulýan işler döwrümiziň möhüm ugurlarynyň, wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. Biz hem, Arkadagly Serdarymyza milli gymmatlyklarymyzy dünýäde wagyz etmek, olary gorap saklamak we indiki nesle ýetirmek üçin döredip berýän mümkinçiliklerine müň mertebe alkyş aýdyp, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Bägül ARYKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.