logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /«Medeni miras — halkyň ruhy dünýäsi» atly gezelenç duşuşygy geçirildi
  19.01.2023
1232
«Medeni miras — halkyň ruhy dünýäsi» atly gezelenç duşuşygy geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň we dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlarymyzyň gatnaşmaklarynda «Medeni miras — halkyň ruhy dünýäsi» atly gezelenç duşuşygy geçirildi.

Halkymyzyň şöhratly taryhyna, dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan milli medeni mirasymyza degişli gymmatlyklar ýaş nesillerde uly buýsanç duýgularyny döredýär. Eziz Watanymyza söýgini, hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan beýik işlere bolan hormat-sarpany artdyrýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyz şöhratly taryhda ajaýyp sungat eserlerini döredipdirler. Umuman, pederlerimiziň durmuş tejribesi bilen baglylykda emele gelen we nusgawy gymmatlyga öwrülen köpöwüşginli mirasymyz milli özboluşlylygyň binýadydyr. Halkymyzyň toplumlaýyn durmuş we medeni mirasyny dürli ylymlaryň nukdaýnazaryndan öwrenmek, özleşdirmek we baýlaşdyrmak mukaddes borjumyzdyr.

Medeniýet — ynsanlara nähili ýaşamalydygyny öwredýän beýik mekdep. Döredijilik — özgeleriň aňyny ösdürmäge özüňi bagyşlamak. Bularyň ählisi birleşip, ynsanyň içki dünýäsini baýlaşdyrýan, ruhy iýmit bolup hyzmat edýän kämil eserleriň döremegine esas bolýar. Hut şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz medeniýeti halkyň kalbyna deňeýär. 

 

Mansur ÖWEZMURADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.