logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Culture /Medeni mirasyň waspy
  17.03.2020
1173
Medeni mirasyň waspy

     Gojaman taryhyň sahypalaryna ser salasaň, kuwwatly türkmen döwletiniň, asmana gol bulaýan kaşaň-kaşaň ymaratlary, bagy-bossana bürelip oturan şäherleri gurandyklaryny görmek bolýar. Emma, wagt geçip heňňam üýtgäp dur. Şeýle bolsa-da, ata-babalarymyzyň gaýraty bilen döredilen bu ajaýyp sungatlar, beýik-beýik ymaratlar ýer ýüzünden ýitip gidibermändir. Ene ýeriň gatlaklaryndan olaryň  galyndylary tapylyp dur. Şol gymmatlyklary bir ýere jemläp, aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmek üçin uly muzeýler döredilipdir.

      Her bir taryhy gymmatlygy aýawly saklap, nesilden-nesile geçirip, olary has içgin öwrenmek üçin ýurdumyzyň ähli  künjeklerinde muzeýler gurulyp ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, şekillendiriş sungaty muzeýi Milli haly muzeýi, Watan mukaddesligi muzeýi, Magtymguly pyragy muzeýi, Gökdepe muzeýi, şeýle hem welaýat merkezlerinde gurlan Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleri halkymyza taryhyň sahypalaryny açyp görkezýär.

         Muzeý gymmatlyklary biri-birinden täsirli. Gadymy döwürde ata-babalarymyzyň senetçilik sungatyny has ýokary derejä göterendiginiň şaýady bolýan keramika önümleri diýseň ajaýyp. Keramika gaplaryny öndürmek, baryp, gadymy Jeýtun, Änew, Altyndepe, Ulugdepe, Garadepe, Parzdepe, Namazgadepe ýaly gadymy medeniýetlerden gözbaşyny alyp gaýdýar. Ýurdumyzda gadymy Marguş, beýik Parfiýa döwletlerinde hem keramika önümlerini öndürmek ýokary derejede  ösüpdir. Orta asyrlarda türkmenler gaplaryň dürli görnüşlerini öndürip, olary syrçalamagy we nagyşlamagy başarypdyrlar.

         Äpet mirashanany ýatladýan muzeýlerdäki gymmatlyklaryň her birirni synlamagyň üýtgeşik lezzeti bar. Olar ata-babalarymyzyň bize goýan milli gymmatlyklarydyr. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, taryhymyzy içgin öwrenmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il ýurt bähbitli, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.