logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Medeni özgerişler ýaş nesilleriň ruhy kämilligini artdyrýar
  02.10.2023
664
Medeni özgerişler ýaş nesilleriň ruhy kämilligini artdyrýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde — festiwallarda, sergilerde, konsertlerde, döredijilik duşuşyklarynda, şygryýet agşamlarynda medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar üstünlikli çykyş edýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän çuňňur paýhasa ýugrulan eserleriniň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmekde, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde öňe sürülýän ynsanperwer ýörelgeleri çeper wasp etmekde döredijilik işgärleri uly işleri alyp barýarlar.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky döwrebap milli özgeriş halkymyzyň ruhy galkynyşynyň düýp esas özenini düzýär. 

 

 

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp taglymynda beýan edişi deýin, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda türkmen halkynyň hem-de tutuş Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän işler diýseň buýsandyryjydyr. Häzirki wagtda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi dünýäniň birnäçe ýurdunda –  Türkiýede, Eýranda, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastlarynda bolup,  Magtymguly Pyraga bagyşlanan dokumental filmleri surata düşürýär.

 

 

Türkmen döwlet neşirýat gullugy bolsa, ýaňy-ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedowyň Magtymguly Pyragynyň köptaraply şahsyýetini ylmy taýdan açyp görkezýän «Magtymguly Pyragynyň şahyrana şahsyýeti» atly kitabyny neşir edip, okyjylar köpçüligine ýetirdi.

 

 

Arkadag şäheriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda açylan  akylly medeni ojaklarynda halkymyza döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemeklik, medeni-dynç alyş çärelerini ýokary derejede guramaklyk, meşhur sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryny köpçülige ýetirmeklik ugrunda ähli şertler döredilendir. Munuň özi raýatlarymyzy il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmakda diýseň wajypdyr.

 

 

Ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň şunuň ýaly döwrebap derejesinde ösdürilmegi halkymyzyň medeni aň-bilim derejesini, şu günki ýaş nesilleriň ruhy kämilligini, sowatlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

 

Aýna BAÝRYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň Diller
kafedrasynyň mugallymy.