logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Medeniýet - halkyň kalbydyr
  15.03.2024
837
Medeniýet - halkyň kalbydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň ösdürilmegi bilen bir hatarda türkmen halkynyň medeniýeti, sungaty hem täzeçe öwüşginlere eýe bolýar. Ýurdumyzda geçirilýän dürli görnüşli medeni köpçülikleýin çäreler, döredijilik bäsleşikleri, Medeniýet hepdeligi, dostlukly döwletler bilen hyzmatdaşlykda guralýan Türkmenistanyň Medeniýet günleri, şeýle hem başga ýurtlaryň Watanymyzdaky Medeniýet günleri, halkara festiwallar, geçirilýän maslahatlar bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.   

 

 

Halkara hyzmatdaşlykda ýokary işjeňlik görkezýän eziz Diýarymyz türki dilli halklar, doganlyk döwletler bilen gatnaşyklaryň has-da berkemegi babatynda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda Türkmenistan TÜRKSOÝ guramasynyň işjeň agzasy bolmak bilen medeni mirasymyzyň goralmagyna, türki dilli halklaryň özara dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ilerlemegine aýratyn üns berýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 12-nji martynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hem şeýle ähmiýetli çäreleriň nobatdaky beýany boldy. Bu geňeşiň türki halklary asyrlaryň dowamynda kemala gelen baý taryhy mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň we ahlak sütünlerimiziň töwereginde jebisleşdirmäge ýardam edýändigini Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda belledi.

 

 

Güljemal MYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.