logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy
  26.06.2026
208
Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy

Balkan welaýatynda başlanan Medeniýet hepdeligi giň gerim bilen dowam edýär. Medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň özboluşly baýramçylygyna öwrülen hepdeligiň çäreleri türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmek, onuň köpöwüşginliligini giňden açyp görkezmek babatda uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

 

Hepdelikde belli sungat ussatlarynyň we döredijilik işgärleriniň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň barha baýlaşmagyna mynasyp goşant goşandyklary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ussatlar barada giňişleýin durlup geçildi. Hususan-da, Baýram şahyryň, Türkmenistanyň halk artistleri Sary Garryýewiň, Giçgeldi Amanowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýramguly Aýjanowyň döredijiligi, ömür ýoly barada täsirli gürrüňler edildi.

 

Galyberse-de, çäräniň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda “Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti” atly maslahat geçirildi. Ondaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň döwrebap usullary, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersler özleşdirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň baş şertini emele getirýär. Çykyş edenler öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ylmyň ösmegi bilen, adamyň zerurlyklaryna gönükdirilen “akylly” jemgyýetiň döreýändigine ünsi çekdiler. Sanlylaşdyrmagyň täsiri astynda zähmet bazarynda, bilim ulgamynyň ösüşinde hem düýpli özgerişlikler bolup geçýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly özgertmeler şertlerinde zähmet bazarynda nähili üýtgeşmeleriň bolup geçjekdigi baradaky mesele köpleriň ünsüni çekýär. Umuman, häzirki zaman zähmet bazary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak üçin bilim bermegiň döwrebap ugurlary, okuw maksatnamalary we usulyýeti boýunça pikir alyşmalar maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn üns merkezinde saklandy.

 

Mähriban GARAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.