logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Medeniýet hepdeligine badalga berildi
  22.06.2022
1173
Medeniýet hepdeligine badalga berildi

Şu gün Mary şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Hepdeligiň açylyş dabarasyna, Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Medeniýet hepdeligine «Ruhyýet» köşgüniň öňünde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen badalga berildi.

Hepdelik şu gün öz işini «Mary» myhmanhanasynda geçiriljek «Köpçülikleýin habar beriş seişdeleriniň halkara hyzmatdaşlygyndaky orny» atly wideoaragatnaşyk arkaly halkara media forumy, welaýat kitaphanasynda döredijilik işgärleriniň we şahyrlaryň gatnaşmaklarynda «Arkadagyň dowamaty dowamdyr» atly iş maslahaty we şygryýet agşamy, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda wäşileriň çykyşy hem-de «Türkmeniň ak öýi» binasynda Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti bilen dowam etdirer.