logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Medeniýet hepdeligine badalga berildi
  23.06.2025
1080
Medeniýet hepdeligine badalga berildi

2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeligi şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän bu çärä Hökümet agzalary, döredijilik işgärleri, medeniýet we bilim işgärleri, talyplar hem-de dürli welaýatlardan döredijilik toparlary gatnaşdy.

 

Dabaranyň dowamynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň dabaraly Gutlagy okaldy we onuň Medeniýet hepdeliginiň halkara ähmiýetini nygtandygy aýratyn bellendi. Medeniýet hepdeligi “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçirilýär.

 

Sahna çykyşlarynda ýaş zehinleriň, belli sungat ussatlarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň konserti boldy. Olarda parahatçylyk, dostluk, milli miras we ösüş temalary wasp edildi. Konsertden soň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda toý sadakasy berildi.

 

Çäreler Milli “Ak bugdaý” muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde bugdaýyň taryhy, gadymy ekerançylyk gurallarynyň sergisi bilen tanyşdyryldy. Muzeýde “Mirasymyzy öwrenmekde muzeýleriň orny” atly okuw-usuly maslahat geçirildi.

 

Forumyň çäklerinde Kaka etrabynyň medeniýet öýünde teatr ussatlarynyň maslahaty we “Şükür bagşy” atly sahna oýny görkezildi. Änewde sungat mekdepleriniň bilelikdäki konserti geçirildi.

 

Hepdelik dowamyndaky çäreler Ahal welaýatynyň etraplarynda we şäherlerinde dürli çykyşlar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, täze teatr we kino eserleriniň görkezilişleri bilen baýlaşdyrylar. Bu hepdelik diňe bir milli medeniýetimizi dabaralandyrman, eýsem, ruhy mirasymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

 

Selbi Annamyradowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.