logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Mehanizatorlaryň arasynda okuw maslahatlary geçirilýär
  30.08.2023
813
Mehanizatorlaryň arasynda okuw maslahatlary geçirilýär

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň mehanizatorlarynyň arasynda tehniki howpsuzlygyň düzgünleri boýunça okuw maslahatlarydyr düşündiriş işleri geçirilýär. Bu barada “Ahal durmuşy” gazetinde habar berilýär.

 


Bosagada oba hojalygyndaky jogapkärli möwsümleriň biri bolan pagta ýygymy. Daýhanyň ýylboýy azap siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny ýitgisiz ýygmakda kombaýnlaryň mehanizatorlaryna möhüm orun degişlidir. Şonuň bilen baglylykda pagta ýygymyna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlara erk etjek mehanizatorlaryň arasynda tehniki howpsuzlygyň düzgünleri boýunça okuw maslahatlarydyr düşündiriş işleri geçirilýär.

 


Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň degişli hünärmenleriniň gatnaşmagynda etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda geçirilýän okuw maslahatlaryň hem ähmiýeti uludyr. Hünärmenler pagtanyň gymmatly baýlykdygy, möwsümde tehnikany bökdençsiz işletmek we onuň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak arkaly hasyly ýitgisiz ýygmagyň wajypdygy barada aýdyp, pagta ýygyjy kombaýnlara erk etjek mehanizatorlara tehniki howpsuzlygyň düzgün-kadalaryna berk eýermek boýunça degerli maslahatlaryny berýärler.

 

Möwsümde işlediljek tehnikalaryň degişli serişdeler, şol sanda ýangyn söndürijiler bilen üpjünçiligi we olary ulanmagyň düzgünleri boýunça düşündiriş işleriniň işjeňlige eýedigini hem bellemelidiris.