logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Mejlisler merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
  19.05.2023
761
Mejlisler merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

18-nji maýda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Dabaraly konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Parla, ýaşyl tugum!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Çykyşda döwletimiziň esasy nyşanlarynyň biri bolan hem-de halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşyl tugumyz wasp edilýär. «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýerine ýetiren «Arkadagly Serdarymyz, jebisdiris daşyňyzda!» atly kompozisiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasaty bilen berk baglanyşykly häzirki ajaýyp günümiz, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljegi wasp edildi.

Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň, «Galkynyş», «Näzli», «Laçyn», «Meňli», «Miras», «Serpaý», «Aşgabat» tans toparlarynyň çykyşlary hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylar ýurdumyzyň meşhur saz toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. «Miras» tans topary küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi. Halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan bu gadymy tans häzirki günde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Dabaraly konsert gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdym bilen tamamlandy.