logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /«Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi
  28.01.2023
1273
«Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi

28-nji ýanwarda, paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi. Nobatdaky foruma Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň ähli künjegindäki wekilleri, öňdebaryjy ýaşlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gurultaý açylmazyndan ozal, oňa gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy açyk diýlip yglan edildi. Soňra gurultaýyň gün tertibi boýunça çykyşlara orun berildi.

Nobatdaky gurultaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine seredildi hem-de degişli Kararnama kabul edildi. Munuň özi Ýaşlar guramasynyň iş usullarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

Forumyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan öňdebaryjy ýaşlara sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşlar forumynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Şeýlelikde, bu gurultaý türkmen ýaşlarynyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň bähbidine onuň köptaraply mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge höwesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.