logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /«Mekdep durmuşyndan - durmuş mekdebine»
  25.05.2022
2151
«Mekdep durmuşyndan - durmuş mekdebine»

Bu gün ynsan kalbynda iki duýgynyň birlikde höküm sürýän güni. Bu gün — 25-nji maý.

Şeýle ajaýyp günüň ýatda galyjy pursatlara beslenmegi hökmanylykdyr. Hut şol sebäpli-de, şan-şöhraty dünýä dolan merjen paýtagtymyzyň güni bilen utgaşyp gelen «Soňky jaň» dabaralary ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Goşa baýram — goşa şatlyk. «Soňky jaň» dabaralarynda döwrümiziň döredijilik ruhy aýdyň ýüze çykdy. Säheriň hoştap howasy bilen utgaşan dabaralar mukaddes bilim ojaklary bilen hoşlaşýan bagtyýar ýaşlar — mekdep uçurymlary üçin ýatda galyjy wakalara baý boldy.