Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär
  17.04.2025
1505
Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesle ýokary hilli bilim-terbiýe bermek boýunça maksatnama esasynda giň möçberli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda mekdep kitaphanalarynyň we şol ýerde zähmet çekýän kitaphanaçylaryň tutýan orny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Öz işine yhlas bilen çemeleşýän, tejribeli we halypa kitaphanaçylar bu ulgamda çuňňur täsir döredýärler. Olaryň tejribesini paýlaşmak bolsa, halypa-şägirtlik ýolunyň möhüm bölegi bolup durýar.

 

Şeýle maksat bilen, 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölüminiň guramagynda Aşgabat şäherindäki 4-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda “Umumybilim edaralarynyň kitaphanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek” atly iş maslahaty geçirildi. Maslahata Arkadag şäheriniň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň Baş bilim müdirlikleriniň, etrap bilim bölümleriniň kitaphana işleri bilen meşgullanýan hünärmenleri gatnaşdy.

 

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda tassyklanan 1251-nji belgili Kararyna laýyklykda kabul edilen “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy​ ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” bilen bagly ýerine ýetirilmeli çäreler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem okuw kitaplary, gollanmalar we olaryň elektron görnüşleri bilen okuwçylary wagtynda üpjün etmek, kitaplaryň tygşytly saklanyşyna​ gözegçilik etmek, okuwçylaryň edebiýata bolan höwesini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

 

Kitaphanaçylaryň milli mirasymyzy, taryhymyzy, döwletimiziň ösüşlerini beýan edýän edebiýatlary wagyz etmek boýunça alyp barýan işleri, şeýle hem şanly senelere bagyşlanyp guralýan kitap sergileri we terbiýeçilik çäreleriniň ähmiýeti nygtaldy. Bu çäreleriň dowamly we guramaçylykly esasda geçirilmelidigi bellendi.

 

Kitaphanaçylaryň öňünde duran möhüm wezipeleriň hatarynda ýaşlarymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmak, kitap okamaga höwes döretmek we häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşykly iş alyp barmak ýaly jogapkärçilikli maksatlar bar. Kitap – bilim dünýäsi üçin örän möhüm çeşme bolup durýar.

 

Maslahatyň dowamynda Aşgabat şäherindäki Ýunus Emre adyndaky 47-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Näzik Atamyradowa öz iş tejribesi bilen çykyş etdi. Ol geçiren çäreleriniň wideoýazgylaryny interaktiw tagtada görkezmek arkaly gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu wideolar elektron görnüşde degişli bilim bölümlerine işde peýdalanmak üçin gowşuryldy.

 

Mary welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň wekili Maksat Ýakubow​ hem öz tejribesini paýlaşyp, mekdep kitaphanalarynda işiň dogry guralmagynyň usullary barada maslahat berdi. Sorag-jogap alyşmalary​ bilen iş maslahaty dowam etdi.

 

Maslahata gatnaşyjylar bu duşuşygyň örän netijeli we peýdaly geçendigini nygtap, şeýle mümkinçilikleri döredýän döwlet Baştutanlaryna – hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de başlangyçlaryň esaslandyryjysy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministirligi