logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 17 medal gazandy
  17.02.2024
922
Mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 17 medal gazandy

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty we ylym bilim ulgamy üstünlikli alynyp barylýar. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary "Pähim - paýhas ummany Magtymgyly Pyragy" ýylynda ýurdumyzyň çäginde we halkara derejelerde geçirilen ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip 17 sany medal gazandylar.

 

 

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabatynda agzap geçdi.

 

 

Şeýle-de mekdep okuwçylary öz bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen halkara derejesinde, daşary ýurtlarda geçirilýän okuw maksatnamalaryna hem işjeň gatnaşýarlar.

 

 

Ýurdumyzda ýaş nesli ylymy-bilimli terbiýeläp ýetişdirmekde köpsanly işler durmuşa geçirilýär. Mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerde 2023-2024-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapaklary ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygary bilen geçirildi.

 

Selbi Hudaýzarowa
Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
1-nji ýyl talyby.