Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Mekdep okuwçylary online internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
  30.01.2024
614
Mekdep okuwçylary online internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Ýaňy ýakynda Singapur döwletinde, mekdep okuwçylarynyň arasynda online görnüşde, takyk ugurly dersler boýunça StemCo internet olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylary himiýa, biologiýa, fizika we matematika derslerinden gatnaşdylar. 

 

 

Ýurdumyzda ýerleşýän orta mekdepleriň, şol sanda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary bu olimpiada gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiadanyň netijeleri boýunça, olar jemi 16 sany altyn we 37 sany kümüş medallara mynasyp boldylar. Netijelere laýyklykda, himiýa dersi boýunça 29, biologiýa dersi boýunça 12, matematika we fizika dersleri boýunça aýry-aýrylykda 6 sany baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. 

 

 

Bu olimpiada dünýä boýunça 45-den gowrak döwlet, 250-den gowrak mekdepler, şeýle hem 12 müňden gowrak okuwçylar gyzyklanma bildirýärler. Bu barada olimpiadanyň resmi web saýtynda habar berilýär.