logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Mekdep okuwçylaryň arasynda basketbol ýaryşy geçirildi
  08.12.2023
1486
Mekdep okuwçylaryň arasynda basketbol ýaryşy geçirildi

Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlar bilen bilelikde sport ulgamyna hem uly üns berýär.Ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Geçirilýän sport bäsleşikleriniň sany gün-günden artýar. Şeýle bäsleşikleriň biri-de ýakynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Sagdynlyk we ruhubelentlik” ady bilen etrabyň 30-njy orta mekdebiniň sport zalynda sportuň basketbol görnüşi boýunça  geçirildi. Bäsleşigiň ähli toparlarynyň düzüminde hem bilim ulgamynda zähmet çekýän sporta höwesli Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary hem-de ýokary synp mekdep okuwçylary çykyş etdiler.

 

 

Ýaryş ähli toparlar üçin hem diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi. Janköýerler öz toparlaryny ýaryşyň soňuna çenli goldamagy başardylar.Ýaryşa gatnaşan toparlar 2 toparda özara bäsleşdiler.

 

 

Birnäçe tolgundyryjy pursatlar bilen geçen bäsleşigiň ahyrynda eminleriň gelen netijesi boýunça 37-nji orta mekdebiň basketbol topary üstünlikli çykyş edip 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 30-njy mekdep, 3-nji orny bolsa 42-nji mekdebiň topary eýelemegi başardylar.

 

 

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara  ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

 

Arslan Orazliýew,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Tejen etrap Geňeşiniň işgäri.