logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Mekdep okuwçylarynda zähmete bolan söýgini terbiýelemegiň usullary
  13.10.2020
1528
Mekdep okuwçylarynda zähmete bolan söýgini terbiýelemegiň usullary

     Durmuşumyzyň ähli döwürlerinde terbiýe ilkinji orunda durupdyr. Terbiýäniň özeni hökmünde zähmet ykrar edilipdir. Jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zähmetiň görnüşleri tapawutlandyrylýar. Ilkinji nobatda, onuň akyl zähmeti we beden (fiziki) zähmeti ýaly iki görnüşiniň tapawutlandyrylýandygy bellenilmelidir. Zähmet terbiýesine ahlak edebiniň esasy serişdesi hökmünde garalýar. Häzirki zaman mekdep okuwçylarynyň zähmet terbiýesiniň mazmuny nämeden ybarat bolmaly hem-de okuwçylary nähili ugrukdyrmaly diýen soragyň döwrebap işleýän her bir mugallymy gyzyklandyrjakdygy bellidir. Zähmet terbiýesiniň şahsyýete gönükdirilen bolmagynyň hökmanlygy hem ýüze çykýar, çünki zähmet terbiýesi jemgyýet bilen şahsyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Islendik şahsyýet ýaşaýşynyň bütin dowamynda zähmetiň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek bilen jemgyýete gatnaşýar. Şeýle bolansoň, zähmet terbiýesi umumybilim edaralarynda iş guramagyň esasy taraplarynyň biri bolup durýar. Zähmet terbiýesine çemeleşmek bolsa, mugallymlardan durnuklylygy we oýlanşyklylygy talap edýär. Okuwçylar bilen zähmetiň islendik görnüşini guramakda mugallym onuň özüne çekijiligine we gyzyklylygyna üns bermelidir, çünki okuwçynyň psihik işiniň we ahlak sypatlarynyň, estetik garaýyşlarynyň, sagdyn durmuş ýörelgelerine gatnaşygynyň kemala getirilmeginiň esasy şerti zähmetdir. Zähmetsiz okuwçynyň hemmetaraplaýyn işjeňligini, sazlaşykly ösüşini gazanmak hem-de okuw-terbiýeçilik işini maksadalaýyk guramak asla mümkin däldir. Islendik görnüşli zähmet terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolup, ol okuwçynyň beden we akyl taýdan ösmeginde peýdalydyr. Zähmet terbiýesiniň zerurlygy we ähmiýeti şahsyýetiň aňynda esasy zerurlyk hökmünde kabul edilmegini talap edýär. Okuwçylaryň zähmetiniň dürli görnüşleri bardyr. Zähmet gurşawy çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda emele getirilmelidir.